Eger Bu KANUNYÑ
weblogi dolandyrjylara!
احساس همدردی با دانشجوی مغضوب دانشگاه زابل
«Zabol universitetiniñ gazaba duçar bolan studenti bilen raýdaşlyk» ady bilen saýtyñyzda ýerleşdiren belligiñizi okap geñ galdym. Sebäbi:
Şol belligi ýazan özüni taryh ylymlaryñ doktory hasaplaýan adam, nädip, bir inglis içalysynyñ samramalaryna «barlag materialy- مطلب تحقیقاتی diýip bilýär? Ounuñ niresi «barlagdan geçirlen» materialmiş? Ýa-ha ony ýazan adam taryhyñ hem barlag materialyñ nämedigini bilenok, ýa-da ýokardan berilen buýruk esasynda maña ýersiz ýere hüjüm edýänleriñ hataryna goşulmaga mejbur bolupdy. Şeýle sözbaşy belläp almagyñyz bilen meni jemhuri yslamynyñ sakçylary/ pasdary ýaly edip goýupsyñyz, näme diýýeýin!
Eger meniñ tankydyma, uzak jedel ýa-da seniniñ aýtmagyña görä دیسکوسیای عریض (دوغروسی دیکوتسیای طویل بولمالی) gerek bolsa onda gel başlaýly, men şol jedele bar güýjüm bilen taýyn. Bu halkymyñ ar-namysy, munda söwdalaşyp bolmaz.

کسی که انتقاد کرده گویا زوایای خیلی از مسائل را نسنجیده است و بدرستی انتقاد نکرده است! البته نام آن انتقاد است!؟ نوعی پرخاشگری و چیزهای دیگری از آن به مشام میرسد ...ر
Eger şu atan töhmetleriñe sebäp görkezip bilmeseñ onda sen-de ýersiz ýere maña hüjüm edýänleriñ hataryna goşulýañy görkezýär, şoña görä gaýrat et-de ýokarda agzanlaryña delil getirjek bol. Seniñ ysy-koky uzakdan duýýan burnuña nähili koklar kokaýan bolsa çekinme-de, aýdyp otyr.
مقاله لقمان احتیاج به تشویق دارد...ر
diýipsiñ, gaýtalaýaryn, Lukmanyñ webloginde ýerleşdiren zadynyñ niresi makala-ýe tehgygaty-myş مقاله تحقیقاتی? Düşündirsene. Ol diñe J.Abott diýen bir inglisiñ ýatlamalary dälmi?
ما هموطنانمان را به صبر و بردباری و تحمل دعوت میکنیم که بقول شیر خواهرمون...ر
Ýok gardaş! Biz tersine ildeşlerimizi bular ýaly gödek ýalñyşlyklaryñ gaýtlanmagynyñ öñüni almaga çagyrýarys. Bu aksiýada, hereketde dymýanlara-da elbetde aýtjak sözümiz bar. Olar Hamelýon ýaly reñklerini öwüsdürýärler, göreýli soñy nirä barjak. Seniñ شیر خواهرمون diýýänleriñ bir topary, bir eýýäm ýumruklaryny düwüp, öz halkynyñ goragyna çykyp gelýärler.
هفت شهر عشق را عطار گشت ما اندر خم یک کوچه ایم
Bu örän dogry, hak söz. Hakyñ, hakykatyñ aşyklary bir eýýäm dogry ýoly tapdylar, diñe pars şounizminiñ köçelerine yklap ýören ykmandalar nirä gitjeklerini bilenoklar. Biz olara-da dogry ýoly tapmaklaryny arzuw edýäris.
این از درایت نجیب فرزاندانمان است! دانشجوی بیدار ما... ما ضمن همدردی با این دانشجو فاتحه پدرانه ایمیکنیمکه "یولونگئز آق بولسین حرماتلی اوغول! بیزدن سانگا آق پاتا! ایلینگه-گونینگه درکار بولونگئز!"ر
Bay-bay ne gözel sözler! Bir syýasy guramanyñ däl-de edil ak peşeneli işan-pirleriñ, sopylaryñ, ahun agalaryñ sözlerine meñzeýär. Student ýigit Lukman bilen derdeñi paýlaşar ýaly näme onuñ bir zady dagy ýogaldymyka?! Atalyk nesihat diýmegiñ ýerine, ölülere, aýtda okalan فاتحه نی okap beripsiñ-a ol neressä!
Eger siziñ KANUNYÑZ onuñ bu işini goldap ak ýol isleýän bolsa, ak pata berýän bolsa, her öñ ýeten näkes içalynyñ samramlaryny makullaýan bolsa, ahun-mollalar ýaly ony ýaýanlara doga-towfir okap berýän bolsa, onda dat siziñ KANUNYÑZA! Başga aýtjak zadym ýok.
Bellikler:
1.Ýazan ýazgyñda pars dili hem grammatikasy taýdan köp ýalñyşlyklar bar, beýle ýalñyşlyklar diñe parslary üstüñden güldürmekden başga zat däldigini aýdasym gelýär. Gaýrat ediñ-de söýýän diliñizi gowrajyk öwrenjek boluñ.
2.وبلاگ پربار...مربوط به دانشگاه زابل diypsiñ, ol şol universitetde okaýan Türkmen studentlere degişidir.
3. مقاله جناب آفای لقمان جمالزاده احتیاج به انتقاد ندارد diýipseñ, gaýtalaýaryn, Lukman makala ýazman, diñe bir fakty getiripdir. KANUN onuñ tankyt edilmegine gerek ýok diýýän bolsa bu siziñ düşünjäñiz, men onuñ tankyt edilmegini isledim.
4. بقول شاعر متفکر قرون وسطی (کیم؟)ر diýipsiñ, ol Ferid etdin Attar bolmaly, Attar bolsa 540h, 1161-nji ýylda ýaşap öten şahyr, bu asyr bolsa orta asyr däldir, taryçy dostum!
5. Baş sahypañyzda: پیروز باد مبارزه حق طلبانه ملت ترکمن diýipsiñiz, biz bolsa «Gury sözden palaw bolsa içinde iti tüwüsi bolmasa» diýýäris.
Akmyrat Gürgenli
5-nji iýun 2007-nji ý
0 Comments:
Post a Comment
<< Home